Serdar Berdimuhamedow Makrony gaýtadan Prezidentlige saýlanmagy bilen gutlady

25.04.2022, 23:4311,393
Prezident Serdar Berdimuhamedow jenap Emmanuel Makrona Fransiýa Respublikasynyň Prezidenti wezipesine gaýtadan saýlanmagy mynasybetli ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.

“Biz Türkmenistan bilen Fransiýa Respublikasynyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklara ýokary baha berýäris we olaryň geljekde iki ýurduň halklarynyň bähbidine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynanýarys” diýip, döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow hatynda belledi.

Ýeri gelende bellesek, Emmanuel Makron prezident saýlawlarynyň ikinji tapgyrynda 58,55 göterim ses alyp, ýeňiş gazandy. Saýlawa gatnaşanlaryň sany 63,23 göterim boldy. Fransiýada Prezident bäş ýyl möhlet bilen saýlanýar. Ses berişlige 49 million töweregi raýat gatnaşyp bilýär.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.