Serdar Berdimuhamedow Niderlandlaryň Patyşasyna gutlag ýollady

27.04.2022, 05:127,430

Prezident Serdar Berdimuhamedow Niderlandlaryň Patyşasy Willem-Aleksandra Niderlandlaryň milli baýramy — Patyşanyň güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we hoşniýetli arzuwlaryny iberdi.

Döwlet Baştutany Patyşa Willem-Aleksandra berk jan saglyk, bagtyýarlyk hem-de abadançylyk, Niderlandlaryň ähli halkyna bolsa parahatçylyk, mundan beýläk-de gülläp ösüş we rowaçlyk arzuw etdi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.