Serdar Berdimuhamedow Ysraýylyň Türkmenistandaky täze ilçisini kabul etdi

11.05.2022, 03:474,771

10-njy maýda Prezident​ Serdar Berdimuhamedow Ysraýyl Döwletiniň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi hanym Bet-Iden Kaýty kabul etdi. Diplomat ynanç hatyny gowşurdy.

Ilçi Merkezi Aziýa sebitiniň ýurtlary bilen hyzmatdaşlyga möhüm ähmiýet berilýändigini nygtap, öz ýurdunyň umumy bähbitlere laýyk gelýän netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de okgunly ösdürmäge uly gyzyklanma bildirýändigini belledi. Türkmenistan bu sebitde öňdäki orunlaryň birini eýeleýär.

Söhbetdeşligiň barşynda iki döwletiň bähbitlerini hem-de bar bolan uly kuwwaty nazara almak bilen, syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de giňeltmäge degişli meseleleriň birnäçesi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Söhbetdeşler biziň ýurtlarymyzyň döwletara gatnaşyklary yzygiderli ösdürmäge çalyşýandygyny tassyklap, mundan beýläkki hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlediler. Söwda-ykdysady ulgam, ýokary tehnologiýalar, oba hojalygy, suw serişdelerini rejeli ulanmak we beýlekiler şol hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary hökmünde görkezildi. Ylym, medeniýet, bilim, saglygy goraýyş ulgamlary boýunça özara gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň wajypdygy nygtaldy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.