Serdar Berdimuhamedow iordaniýalylary Garaşsyzlyk güni bilen gutlady

25.05.2022, 09:033,765

Prezident Serdar Berdimuhamedow Iordaniýa Haşimit Patyşalygynyň Patyşasy Abdulla II bin Al Husseýne hem-de ýurduň ähli halkyna Iordaniýa Haşimit Patyşalygynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.

Döwlet Baştutany mümkinçilikden peýdalanyp, Patyşa Abdulla II bin Al Husseýne tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk hem-de rowaçlyk, Iordaniýa Haşimit Patyşalygynyň dostlukly halkyna bolsa parahatçylyk, ösüş we abadançylyk arzuw etdi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.