Serdar Berdimuhamedow Italiýanyň ýolbaşçylaryna gutlag iberdi

02.06.2022, 09:179,539

Prezident Serdar Berdimuhamedow Italiýa Respublikasynyň Prezidenti Serjio Mattarella, Premýer-ministri Mario Dragä we ýurduň dostlukly halkyna Italiýanyň milli baýramy — Respublika güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny iberdi. 

Döwlet Baştutany gutlag hatynda Türkmenistan bilen Italiýa Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklaryň yzygiderli pugtalandyrylýandygyny kanagatlanma bilen belläp,  syýasy, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer we beýleki ugurlardaky hyzmatdaşlygyň iki ýurduň  halklarynyň abadançylygynyň bähbidine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine pugta ynam bildirdi.