Serdar Berdimuhamedow Portugaliýanyň Prezidentini ýurduň milli baýramy bilen gutlady

10.06.2022, 07:525,238

Prezident Serdar Berdimuhamedow Portugaliýa Respublikasynyň Prezidenti Marselo Rebelo de Souza we ýurduň ähli halkyna milli baýram — Portugaliýanyň güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi. 

Döwlet Baştutany mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident  Marselo Rebelo de Souza berk jan saglyk, bagtyýarlyk hem-de rowaçlyk, Portugaliýa Respublikasynyň halkyna bolsa parahatçylyk, mundan beýläk-de ösüş we abadançylyk arzuw etdi.