Serdar Berdimuhamedow Sloweniýanyň Döwlet gününi gutlady

25.06.2022, 12:483,966

Prezident Serdar Berdimuhamedow Sloweniýa Respublikasynyň Prezidenti Borut Pahora we ýurduň ähli halkyna Sloweniýanyň milli baýramy — Döwlet güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.

Döwlet Baştutany şu mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Borut Pahora tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, rowaçlyk, Sloweniýanyň halkyna bolsa parahatçylyk, gülläp ösüş we abadançylyk arzuw etdi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.