Serdar Berdimuhamedowyň adyna Wengriýanyň Prezidentinden hat gelip gowuşdy

06.07.2022, 01:4218,455

Prezident Serdar Berdimuhamedowyň adyna Wengriýa Respublikasynyň Prezidenti Katalin Nowakdan gutlag haty gelip gowuşdy. Onda wenger Lideri Wengriýa bilen Türkmenistanyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny beýan edýär.

“Ýurtlarymyzyň arasyndaky ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn gatnaşyklaryň ösdürilmegine ygrarlydygymy ynandyrmak isleýärin hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ýakyn geljekde täze ugurlar boýunça  baýlaşdyryljakdygyna ynanýaryn” diýip, Prezident hatynda iň gowy arzuwlary beýan edýär.