Xiaomi ýedi sany meşhur modelini könelişen diýip yglan etdi

26.07.2022, 13:4319,375

Hytaýyň Xiaomi kompaniýasy Xiaomi we Redmi brendleriniň ýedi smartfonyny könelişen yglan etdi diýip, Gizchina portaly habar berýär. Gurluşlar 2022-nji ýylyň 1-nji iýulyndan başlap resmi goldawdan we hyzmatdan kesildiler. 

Könelişen smartfonlaryň sanawyna Xiaomi Mi Max 3, Mi Mix 3,  Xiaomi Mi 8, Mi 8 Discovery Edition, Mi Play, şeýle hem Redmi S2 we Redmi 6 Pro düşdi.
Kompaniýa bu gurluşlaryň önümçiliginiň togtadylandygyny, öndürijiniň mundan bu ýana olaryň satuwdan soňky hyzmaty üçin ätiýaçlyk şaýlaryny goýbermejekdigini mälim etdi. Şeýlelikde, Xiaomi-niň resmi hyzmat merkezleri indi agzalan modelleriň eýelerine kepillik we satuwdan soňky hyzmaty hödürläp bilmezler.
Sanawa düşen smartfonlaryň aglabasy 2018-nji ýylyňky we goldawyň doly bes edilen pursadyna çenli olaryň çykanyna azyndan bäş ýyl bolan. Mysal üçin,  Xiaomi Mi 8  2018-nji ýylda kompaniýanyň öňdebaryjy modeli bolupdy. Smartfon "gutusyndan" Android 8,1-iň dolandyrmagynda şereketiň MIUI proşiwkasyny alypdy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.