Wise-premýerler Ç.Purçekowa we M.Mämmedowa käýinç yglan edildi

30.07.2022, 01:4726,617

Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Ministrler Başlygynyň gurluşyk, senagat we energetika meseleleri boýunça orunbasary Çarymyrat Purçekowa hem-de medeniýet we habar beriş serişdeleri boýunça orunbasary Mährijemal Mämmedowa käýinç yglan etdi.

Degişli resminamalara Türkmenistanyň Prezidenti anna güni Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisiniň barşynda gol çekdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi. Buýruklara laýyklykda, käýinç wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, işde goýberen kemçilikleri üçin yglan edildi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.