Serdar Berdimuhamedow Singapuryň Milli gününi gutlady

09.08.2022, 08:265,423

Prezident Serdar Berdimuhamedow Singapur Respublikasynyň Prezidenti hanym Halima Ýakoba, Premýer-ministr Li Sýan Luna hem-de ýurduň ähli halkyna Singapur Respublikasynyň Milli güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.

Döwlet Baştutany Türkmenistanyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmegine uly gyzyklanma bildirýändigini we ýurtlarymyzyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň giňeldilmegi üçin bilelikdäki tagallalary dowam etdirmäge taýýardygyny belläp, onuň halklarymyzyň abadançylygyna oňyn täsirini ýetirjekdigine pugta ynam bildirdi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.