Dubaýyň Halkara howa menzili awgustda dünýäde iň gelim-gidimli boldy

29.08.2022, 23:5925,978

Şu ýylyň awgust aýynda 4,1 million adamy kabul edip, Dubaýyň Halkara howa menzili dünýäniň iň gelim-gidimli howa menzili boldy. Bu barada “Travel Daily Medianyň” maglumatlaryna salgylanyp, tengritravel.kz habar berýär.

“OAG” awiasiýa kompaniýasy Dubaýyň Halkara howa menziliniň şu ýylyň awgustynda 4,1 million adamy kabul edendigini habar berdi. Ol ýylyň ikinji çärýeginde 14,2 ýolagçyny hasaba aldy. Munuň özi, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 190,6 göterim artykdyr.
Bu sanawda 3,4 million adamy kabul edip, Londonyň Hitrou howa menzili ikinji orny eýeledi. Şeýle-de Amsterdam (3,15 million), Parižiň Şarl-de-Goll (3,14 million), Stambulyň (2,9 million), Frankfurtyň (2,9 million), Dohanyň (2,2 million), Londonyň Gatwik (2,094 million), Singapuryň Çangi (2,089 million), Madridiň (2,012 million) howa menzilleri dünýäniň iň gelim-gidimli howa menzilleriniň ilkinji onlugyna girdi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.