Özbegistana ýylyň başyndan bäri 3 mln syýahatçy bardy

10.09.2022, 11:5012,937

8 aýyň dowamynda Özbegistana syýahatçylyk maksady bilen 3 milliondan gowrak adam bardy. Bu barada respublikanyň Döwlet statistika komiteti habar berýär diýip, centralasia.media belleýär.

Ýurda gelenleriň sany boýunça Gazagystan öňdebaryjy boldy – 922,7 müň adam. Ikinji orunda Gyrgyzystan ýerleşdi – 821,9 müň adam. Täjigistandan gelen syýahatçylaryň sany bolsa 814,5 müň adama barabar boldy.

Özbegistana gelenleriň sany boýunça galan ýurtlaryň sanawy şulardan ybarat:

  • Russiýa – 316,9 müň adam;
  • Türkiýe – 45,8 müň;
  • Günorta Koreýa – 10,9 müň;
  • Germaniýa – 10,3 müň;
  • ABŞ – 7,8 müň;
  • Hindistan – 6,7 müň;
  • Fransiýa – 6,4 müň;
  • Azerbaýjan – 6,1 müň;
  • Ysraýyl – 6,6 müň;
  • Beýik Britaniýa – 6 müň;
  • Italiýa – 4,7 müň;
  • Ispaniýa – 3,1 müň.

Özbegistanda daşary ýurtly raýatlar geçen ýyla garanyňda petekleri 2,6 esse köp bron etdiler we gözlediler. Geçen tomus bilen deňeşdirilende, russiýalylar bu ýurda petekleri 141% köp satyn alyp başladylar, koreýalylarda isleg 180% ýokarlandy, Türkiýäniň raýatlary bolsa Özbegistana 144% köp baryp başlady.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.