Ahalyň täze merkezi bilen bagly meseleleri çalt çözmek üçin Kararlara gol çekildi

11.09.2022, 15:4921,537

10-njy sentýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezinde geçiren Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisinde Ahal welaýatynda gurulýan täze merkez bilen bagly meseleleri çalt çözmek üçin birnäçe Kararlara gol çekdi.

Hususan-da, Serdar Berdimuhamedow

  • Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezinde gurulýan ýaşaýyş jaýlarynyň meseleleri hakyndaky;
  • Ahal welaýatynyň merkeziniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň meseleleri  hakyndaky;
  • Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň şäheriniň häkimliginiň meseleleri hakyndaky Kararlara gol çekdi.

Bu resminamalaryň  kabul edilmegi bilen täze welaýat merkezini gurmak işleriniň depginine oňyn täsir eder, şeýle hem şäheriň häkimliginiň işi düzgünleşdiriler.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.