Serdar Berdimuhamedow Karl III tagta geçmegi bilen gutlady

13.09.2022, 08:3513,681

Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Patyşasy, Onuň Alyjenaby Karl III  tagta geçmegi mynasybetli ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.

Döwlet Baştutany gutlag hatynda Türkmenistanyň Birleşen Patyşalyk bilen syýasy, söwda-ykdysady, durmuş, medeni-ynsanperwer we beýleki ugurlarda özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge taýýardygyny tassyklady.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.