Xiaomi äpet sowadyjysy bilen tanyşdyrdy

18.09.2022, 23:5516,021

Xiaomi  kese açylýan gapyly 430 litrlik Mijia sowadyjysyny başlangyç bahasy 2199 ýuandan goýberýär.  Xiaomi kompaniýasy  Xiaomi Mijia 430L ady bilen dört gapyly sowadyjyny çykardy.

IT House bu sowadyjynyň tutuş 17 sany bölümi bar, şoňa görä onda azyk önümleriniň her görnüşi üçin aýratyn ýer tapylýar diýip habar berýär. Onuň temperaturany aýratynlykda sazlap bolýan ýörite bölümi bolup, ony gök önümleriň terligini saklamakda ulanyp bolýar. 
Antibakterial goragynyň derejesi 99,99%, mundan hem başga sowadyjynyň sesi 36 dB-dan gaty däl. Onuň sowadyjy we doňduryjy bölümleriniň göwrümi aýratynlykda görkezilmeýär, ýöne umumy göwrümi, adynda görkezilişi ýaly, 430 l. 
Xiaomi Mijia 430L sowadyjysynyň Hytaýdaky bahasy 315 dollar. 

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.