Pakistanyň Premýer-ministri: «TOPH taslamasynyň öz wagtynda tamamlanmagyna gyzyklanma bildirýäris»

03.10.2022, 10:057,507

Pakistan Yslam Respublikasynyň Premýer-ministri Muhammad Şahbaz Şarif Prezident Serdar Berdimuhamedowyň adyna Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli iberen gutlag hatynda Pakistanyň Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň taslamasynyň öz wagtynda tamamlanmagyna gyzyklanma bildirýändigini mälim etdi.

Premýer-ministr hatynda: “Pakistan Türkmenistan bilen özara gyzyklanma bildirilýän ähli ugurlarda, esasan-da, energetika we aragatnaşyk ulgamlarynda bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmekde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmegi maksat edinýär. Biz Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň taslamasynyň öz wagtynda tamamlanmagyna gyzyklanma bildirýäris. Bilelikdäki tagallalarymyz netijesinde dostluk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny has-da çuňlaşdyryp biljekdigimize ynanýaryn” diýip nygtady we türkmen döwletiniň Baştutanyna iň oňat arzuwlaryny beýan etdi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.