OPEC+ ýurtlary nebitiň çykarylyşyny kemeltmegi karar etdiler

07.10.2022, 02:265,793

OPEC+ ýurtlary noýabr aýyndan başlap nebitiň gazylyp alnyşyny gije-gündiziň dowamynda iki million barrel azaltmagy şertleşdiler diýip, agza ýurtlaryň wekilleriniň duşuşygynyň jemleri boýunça bilelikdäki beýanda bellenilýär.

"2022-nji ýylyň noýabr aýyndan başlap, OPEC ýurtlary we OPEC-e girmeýän ýurtlar 2022-nji ýylyň awgust aýyndaky önümçiligiň derejesi bilen deňeşdirilende nebitiň gazylyp alnyşynyň umumy möçberini gije-gündiziň dowamynda iki million barrel kemeldip başlamaly" - diýip, resminamada aýdylýar.

Şeýle-de, OPEC-iň karary "dünýä ykdysadyýetiniň töweregindäki kesgitsizlikleri we nebit bazary boýunça çaklamalary göz öňünde tutup", şeýle-de alýansyň öňürtmek çemeleşmesine laýyklykda kabul edildi diýip bellenýär. 

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.