Ýaponiýa 2,5 ýyldan bäri ilkinji gezek syýahatçylar üçin giriş çaklendirmelerini ýatyrdy

12.10.2022, 11:554,864

Ýaponiýa sişenbe güni koronawirus pandemiýasy bilen bagly ýurda girmek üçin öň girizilen çäklendirmeleri ýatyrdy, ýurt 2,5 ýyldan soň  ilkinji gezek  syýahatçylar üçin açyldy.

Işewürlik we okuw maksatlary bilen ýurda girmekde hereket edýän çäklendirmeleriň aglabasy aýrylýar. Şonuň üçin özbaşdak syýahat edýän adamlara syýahatçylyk wizalaryny bermekde hereket edýän gadaganlyk aýryldy, 68 ýurt üçin bolsa Ýaponiýa wizasyz gysga möhletleýin gelmäge ýaňadan rugsat bermek  girizilýär.  
Koronawirusyň ýaýramagynyň öňüni almak boýunça çäreler hem ep-esli ýumşadylýar: ýurda gelýänlere BSGG tarapyndan ykrar edilen waksinalaryň haýsy-da bolsa bir görnüşi bilen üç gezek sanjym edilendigi baradaky sertifikaty ýa-da uçuşdan öň 72 sagadyň dowamynda alnan otrisatel PZR-testi görkezmek ýeterlik.  Ýaponiýa gelýänlere indi ýurda girende keseliň alamatlary bolmasa test tabşyrmak, şeýle hem karantinde bolmak hökman däl. Ýurda günde 50 müň adamdan köp girizmezlik babatynda goýlan  çäklendirme hem ýatyrylýar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.