2024-nji ýyl GDA-da «Meýletinçilik hereketiniň ýyly» diýlip yglan edildi

14.10.2022, 15:304,261

Gazagystanyň paýtagty Astana şäherinde geçirilen GDA agza döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisiniň jemleri boýunça birnäçe resminamalar kabul edildi. Döwlet Baştutanlary Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň çäklerinde 2024-nji ýyly — Meýletinçilik hereketiniň ýyly, 2025-nji ýyly — Beýik Watançylyk urşunda Ýeňşiň 80 ýyllygy — Parahatçylyk we milletçilige garşy göreşde jebislik ýyly, 2026-njy ýyly — Saglygy goramak ýyly diýip yglan etmek hakynda karar kabul etdiler.

Bu barada GDA-nyň Ýerine ýetiriji geňeşiniň saýtynda habar berilýär.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.