Ginnesiň Bütindünýä rekordlar Kitabynyň agzalary Türkmenistanda okuw maslahatyny geçirer

16.10.2022, 14:5519,205

Ginnesiň Bütindünýä rekordlar Kitabynyň agzalary Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezinde 500 hünärmene niýetlenen bir günlük okuw maslahatyny geçirerler.

Bu barada Ahal welaýatynyň merkeziniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow 15-nji oktýabrda merkeziň gurluşygyna iş saparyny amala aşyran Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa habar berdi.
Bellenilişi ýaly, bu okuw maslahaty gönüden-göni oba hojalyk ulgamyna degişli meseleleri öz içine alar. Okuw maslahatyna pudagyň öňdebaryjy hünärmenleri, bu ugurda ylmy iş alyp barýan alymlar we ugurdaş ýokary okuw mekdepleriniň talyplary gatnaşar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.