Türkmen alabaýynyň keşbini çeper beýan etmek bäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi

30.10.2022, 10:0523,123

30-njy oktýabrda Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň toplumynda türkmen alabaýynyň keşbini şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň eserlerinde, çaphana önümlerinde, fotosuratlarda we teleýaýlymlarda çeperçilik taýdan beýan etmek boýunça döredijilik bäsleşiginiň ýeňijileriniň atlary yglan edildi.

Bäsleşigiň ýeňijileri şulardan ybarat:

  • Aşgabat çeperçilik halyçylyk kärhanasynyň suratkeşi Gulberdiýew Amanmyrat, «Türkmen alabaýy» atly haly eseri;
  • Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň “Şekillendiriş sungaty” fakultetiniň “Grafika” kafedrasynyň 5-nji ýyl talyby Jumaýew Myratberdi, «Türkmen alabaýy» atly nakgaş eseri;
  • Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň «Şekillendiriş sungaty» fakultetiniň “Heýkeltaraşlyk” kafedrasynyň 3-nji ýyl talyby Jumaýew Serdar, «Edermen türkmen alabaýy» atly heýkel eseri;
  • Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň Amaly-haşam sungaty kafedrasynyň halyçylyk sungaty hünäriniň 2-nji ýyl talyby Gutlyýew Aşyrgeldi, «Türkmen alabaýlary kalendary» atly neşir işi;
  • Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň teleradioýaýlymlar bilen işlemek boýunça bölümçesiniň serkerdesi, podpolkownik Garýagdyýew Şöhrat, «Türkmen alabaýy» atly wideo şekili.

Ýeňijilere Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan sowgatlar  hem-de degişli şahadatnamalar gowşuryldy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.