Abu-Dabide we Dubaýda COVID-19 çäklendirmeleri ýatyryldy

09.11.2022, 15:3611,412

«8-nji noýabrdan Abu-Dabide we Dubaýda COVID-19 bilen bagly çäklendirmeler ýatyryldy» diýip, Russiýanyň Gezelenç operatorlarynyň assosiasiýasynyň beren maglumatyny vedomosti.ru paýlaşýar.

“Dubaýa barmak üçin syýahatçylara waksina sertifikatyny ýa-da PZR testini görkezmek zerurlygy ýok” diýip, degişli assosiasiýa “Emirates” awiakompaniýasyna salgylanyp, habar berdi. Bu barada şol gün Abu-Dabiden hem habar berildi.

“Bilermenler şu gün Şarjada hem-de onuň “Air Arabia” awiakompaniýasy tarapyndan hem gelmek üçin resmi taýdan üýtgeşmeleriň girizilmegine garaşýarlar” diýlip, habarda bellenilýär.

Ýeri gelende bellesek, 7-nji noýabrda Birleşen Arap Emirliklerinde kowid çäklendirmeleriniň tas ählisi diýen ýaly ýatyryldy. Syýahatçylara we ýerli ýaşaýjylara örtükleri dakynmazlyga rugsat berildi, ýöne bu düzgün lukmançylyk edaralary üçin öz güýjünde galýar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.