Gurbanguly Berdimuhamedow Ahalyň täze merkezine nobatdaky iş saparyny amala aşyrdy

20.11.2022, 03:1328,250

19-njy noýabrda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Ahal welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, täze, döwrebap edara ediş merkeziniň gurluşygynda alnyp barylýan işler bilen gyzyklandy. Şeýle hem bu ýerde ozal maslahatlaşylan wezipeleriň ýerine ýetirilişi seljerildi.

Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň gurluşygynyň alnyp barylýan ýerinde Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygyny welaýatyň täze merkeziniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow we Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýew garşylap, merkeziň çäklerinde alnyp barylýan köptaraply gurluşyk işleri barada giňişleýin maglumat berdiler.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.