Türkmenistanyň Halk Maslahaty Koreýanyň Milli Assambleýasy bilen hyzmatdaşlyk Ähtnamasyna gol çekdi

28.11.2022, 11:2810,623

28-nji noýabrda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahaty bilen Koreýa Respublikasynyň Milli Assambleýasynyň arasynda özara hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky Ähtnama gol çekmek dabarasy geçirildi. Dabara Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Koreýa Respublikasynda resmi saparda bolmagynyň çäklerinde Koreýa Respublikasynyň Milli Assambleýasynyň Başlygy Kim Jin-Pýon bilen duşuşygyndan soň geçirildi.

TDH agentliginiň habar berşi ýaly, duşuşygyň dowamynda netijeli türkmen-koreý gatnaşyklaryny okgunly ösdürmekde parlament diplomatiýasynyň eýeleýän möhüm orny nygtaldy. Iki ýurduň kanun çykaryjy edaralarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de işjeňleşdirmek, şeýle-de bilelikdäki çäreleri guramak arkaly tejribe alyşmak üçin uly mümkinçilikleriň bardygyna aýratyn üns çekildi.
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Koreýa Respublikasyna resmi sapary dowam edýär.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.