DÇ-2022: Braziliýa Günorta Koreýanyň uly hasap bilen utdy

06.12.2022, 02:3822,186

Futbol boýunça 2022-nji ýylyň dünýä çempionatynyň 1/8 tapgyrynda  Braziliýa Günorta Koreýadan üstün çykdy. 

Dohada geçirilen duşuşyk 4:1 hasabynda tamamlandy. Braziliýadan Winisius Junior (7-nji minut), Neýmar (12, pen.), Rişarlison (29) hem-de Lukas Paketa (36) gol geçirdi. Koreýlerden ýeke-täk goly Pek Syn  Ho  (76) geçirdi.
Neýmar üçünji dünýä çempionatynda gol geçirdi. Çärýek finalda Braziliýa Horwatiýa bilen duşuşar. Oýun 9-njy dekabrda geçiriler.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.