21-nji ýanwarda Aşgabatda jemgyýetçilik wekilleriniň gatnaşmagynda milli parlamentiň mejlisi geçiriler

11.01.2023, 20:3115,545

2023-nji ýylyň 23-nji ýanwarynda Aşgabatda Maslahat köşgünde Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň palatalarynyň hem-de jemgyýetçiligiň wekilleriniň bilelikdäki mejlisi geçiriler. Bu barada degişli karara Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow gol çekdi.

Bilelikdäki mejlis döwlet hem-de jemgyýetçilik durmuşynyň möhüm meselelerini maslahatlaşmak maksady bilen geçiriler.
Welaýat we Aşgabat şäher häkimliklerine 16-njy ýanwara çenli möhletde ýerli wekilçilikli edaralaryň, syýasy partiýalaryň we jemgyýetçilik birleşikleriniň teklipleriniň esasynda parlamentiň palatalarynyň bilelikdäki mejlisine gatnaşmak üçin teklip edilýän jemgyýetçiligiň wekilleriniň sanawyny Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň garamagyna bermek tabşyryldy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.