Türkmenistanda deputat saýlawlaryna dalaşgärleri hödürlemek möwsümi başlandy

27.01.2023, 08:2912,165

Türkmenistanda Mejlisiň deputatlarynyň, welaýat, etrap we şäher halk maslahatlarynyň we Ge­ňeşleriň agzalarynyň saýlawlary boýunça dalaşgärleri hödürlemek işleri başlandy. Dalaşgärleri hödürlemek işi 2023-nji ýylyň 25-nji ýanwarynda badalga aldy we ol 24-nji fewrala çenli dowam eder. Bu barada Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi topar habar berdi.

Türkmenistanyň Saýlaw kodeksine laýyklykda, dalaşgärleri hödürlemek hukugy saýlawlaryň bellenen gününe çenli bellige alnan syýasy partiýalara, şeýle hem raýatlaryň toparlaryna degişlidir.  Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň 44-nji maddasyna laýyklykda,  dalaşgärleri hödürlemek saýlawlara altmyş gün galanda başlanýar we otuz gün galanda tamamlanýar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.