Harby gullukçylaryň uly topary Türkmenistanyň medallary bilen sylaglanyldy

28.01.2023, 08:4528,984

Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň harby gullukçylarynyň hem-de işgärleriniň uly topary Türkmenistanyň medallary bilen sylaglanyldy. Degişli Permana Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow gol çekdi.

Şeýle hem Türkmenistanyň Prezidentiniň ýene-de bir Permanyna laýyklykda, Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň harby gullukçylarynyň hem-de işgärleriniň uly toparyna harby we ýörite atlar dakyldy hem-de hünär derejeleri berildi.
Belläp geçsek, 27-nji ýanwarda Türkmenistanda Watan goragçylarynyň güni dabaraly ýagdaýda bellenilip geçildi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.