Gazagystanda daşary ýurtlularyň ýurda giriş düzgünlerine üýtgetmeler güýje girdi

29.01.2023, 11:0617,790

Gazagystanda 27-nji ýanwarda daşary ýurtlularyň ýurda giriş düzgünlerine girizilen üýtgetmeler güýje girdi we “wizaran” – gysga möhletleýin çykyş bilen ýurtda bolmagyň möhletini ençeme gezek “nol etmek” mümkinçiligi ýatyryldy. Bu barada gazeta.ru habar berýär.

Indi ÝAYB-niň raýatlary respublikada her 180 senenama gününiň dowamynda 90 günden köp bolup bilmezler, beýleki daşary ýurtlular wizasyz 30 günden, şeýle-de ýarym ýylyň içinde 90 günden köp bolup bilmezler.
Öň şeýle çäklendirmeler ýokdy, daşary ýurtlular az wagtlyk ýurduň çäginden çykyp we ýene-de täzeden gelip, ýurtda bolmagyň möhletini ençeme gezek täzelemek mümkinçiligini ýitirdiler.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.