Kerki — Daşoguz aralygyndaky yzygiderli howa gatnawy dikeldildi

03.02.2023, 12:3021,813

1-nji fewraldan başlap, Kerki ― Daşoguz ― Kerki aralygynda yzygiderli howa gatnawlary dikeldildi. Bu barada «Türkmen gündogary» gazeti habar berýär.

Gatnawlaryň täze tertibi «Türkmenistan» awiakompaniýasynyň içerki gatnawlaryň neşir eden tertibinde  bar.
Şu hepdäniň şenbe güni Kerki ― Daşoguz ― Kerki ugry boýunça ilkinji uçuş amala aşyrylar. Bu ugur boýunça uçuş her hepdäniň şenbe gününe meýilleşdirilýär. «BOEING 737-800» kysymly uçar sagat 11:50-de Kerki şäherinden Daşoguza uçar. Uçuş 1 sagat 10 minut dowam eder. Uçar Kerki şäherine 14:00-da uçar.
Ýeri gelende aýtsak, 2020-nji ýylda açylyp, ulanylmaga berlen Kerki Halkara howa menzilinden diňe Aşgabat ýa-da Daşoguz şäherlerine däl, möwsümleýin görnüşde Türkmenbaşy şäherine hem gatnawlar ýola goýulýar. Türkmenbaşy şäherine uçar gatnawy «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda dynç alyş möwsüminiň açylmagy bilen baglydyr.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.