Gurbanguly Berdimuhamedow Abu-Dabide aýlagyň kenarynda gezelenç edip, maşklary ýerine ýetirdi

12.02.2023, 22:3245,976

Birleşen Arap Emirliklerinde resmi saparda bolýan Gurbanguly Berdimuhamedow ir bilen sapar mahaly kabulhanasy ýerleşýän «Emirates Palaсe» myhmanhanasyndan çykyp, aýlagyň kenarynda gezelenç etdi.

Ilki bilen  Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy irki maşklary ýerine ýetirdi. Soňra kenar boýunça welosipedli gezelenç etdi.
Gurbanguly Berdimuhamedow welosipedli gezelenji tamamlap, kenaryň çäklerinde ýerleşýän sport desgalaryny synlap, bu ýerde hereket edýän tennis meýdançasyna baryp gördi.
Birleşen Arap Emirliklerinde çöl ýerlerinde, aýlagyň kenarynda düýeli gezelençleri guramak meselelerine möhüm üns berilýär. Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýerde düýeli gezelençleri guraýan düzümiň hünärmenleri bilen gürrüňdeş boldy.
Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri ýurdumyzyň wise-premýerleri R.Meredow hem-de A.Begliýew bilen aýlagyň kenarynda çaý başynda söhbet etdi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.