OPEK nebit önümçiligine ýylda 500 milliard dollar maýa goýmaga çagyrdy

14.02.2023, 08:566,852

Nebiti eksport ediji ýurtlaryň guramasynyň (OPEK) baş sekretary Haýsam al-Gaýs geljekdäki global zerurlyklary kanagatlandyrmak üçin nebit önümçiligine maýa goýumlaryny köpeltmäge we howanyň üýtgemegi boýunça gün tertibini «has deňagramly we adalatly» etmäge çagyrdy diýip, Bloomberg habar berýär.

Al-Gaýs Kairdäki energetika konferensiýasynda: "Dowam edýän klimat gepleşiklerine gatnaşýan ähli taraplaryň bir pursat dymmagy hökmanydyr: umumy ýagdaýa serediň" — diýdi.
Onuň sözlerine görä, energiýa geçişi tertipli, köp zady öz içine alýan bolmaly we hemmeleriň howpsuzlygyna jogap bermelidir.
Al-Gaýs nebit pudagynyň birnäçe ýyl bäri «dowamly maýa goýum ýetmezçiliginden» ejir çekýändigini aýtdy. Çaklamalaryna görä, degişli maýa goýumlary 2045-nji ýyla çenli her ýylda 500 milliard dollar talap eder.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.