Moskwada geçen boks ýaryşynda türkmen boksçusy Maşaripow deňme-deň çykyş etdi

19.02.2023, 11:5133,603

Moskwada Pravda boks ýaryşynyň çäklerinde türkmen boksçusy Ihtiýar Maşaripow russiýaly Sergeý Makedon bilen duşuşdy. Üç raundlap dowam eden duşuşyk eminleriň karary bilen deňme-deň diýlip ykrar edildi.

Eminler «boksçularyň lukmanlar tarapyndan ýaryşdan çykarylmagy zerarly duşuşygy dowam edip bilmezligi we ikitaraplaýyn kelle çakyşmasy bilen baglylykda» tehniki deňme-deňlik yglan etdiler.
28 ýaşly Ihtiýar Maşaripow Türkmenistanyň Daşoguz welaýatyndan. Bu duşuşyk Maşaripow üçin halkara derejesinde ilkinji ýaryşy.
Onuň garşydaşy — Sergeý Makedon 32 ýaşly russiýaly türgen. Ol boks boýunça sport ussadynyň dalaşgäri, karate boýunça sport ussady.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.