21-nji fewralda Serdar Berdimuhamedowyň Bahreýn döwletine sapary başlanar

21.02.2023, 08:2320,491

Şu gün, 21-nji fewralda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň Bahreýn Patyşalygyna iki günlük sapary başlanýar. Bu barada «Al-Aýýam» bahreýn gazeti habar berýär.

Saparyň netijeleri boýunça ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmäge gönükdirilen resminamalaryň toplumyna gol çekiler.
Saparyň barşynda türkmen wekiliýeti şeýle hem Bahreýniň taryhy hem-de häzirki ýadygärlikleri bilen tanyş bolarlar.
Patyşalygyň resmi beýanatynda bellenilişi ýaly, bu sapar Serdar Berdimuhamedowyň Prezident wezipesine geçenden bäri ýurda ilkinji sapary bolar.