«Türkmenhowaýollary» 25-nji martdan başlap Aşgabatdan Stambula her gün uçup başlar

24.02.2023, 12:0135,063

25-nji martdan başlap, «Türkmenistan» awiakompaniýasy Aşgabat — Stambul — Aşgabat ugry boýunça gatnawlaryny her gün ýerine ýetirip başlar. Biletler awiakompaniýanyň resmi saýtynda satuwa çykaryldy.

Öň, «Türkmenhowaýollary» bu ugur boýunça hepdede bäş gezek gatnaw edýärdi.
Onlaýn satyn alnanda bir tarapyň biletiniň bahasy 4 877 manat.
Öň habar berşimiz ýaly, Turkish Airlines awiakompaniýasy hem 24-nji martdan başlap, Stambuldan Aşgabada gatnawlaryny günde ýerine ýetirip başlar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.