«Türkmenistan» awiakompaniýasy Aşgabatdan Kazana gatnawlarynyň sanyny azaldýar

24.02.2023, 13:4638,145

2023-nji ýylyň mart aýynyň ahyryndan başlap, «Türkmenistan» awiakompaniýasy Aşgabat-Kazan ugry boýunça gatnawlarynyň sanyny hepdede bir gezege çenli azaldar. Gatnaw her hepdäniň çarşenbe güni ýerine ýetiriler. 

Bu ugur boýunça biletleri awiakompaniýanyň resmi saýtyndan satyn alyp bilersiňiz.
Onlaýn satyn alnanda bir tarapynyň biletiniň bahasy 4 886 TMT.
Mundan öň, «Türkmenhowaýollary» Aşgabatdan Kazana hepdede iki gezek — penşenbe we ýekşenbe günleri uçýardy.
Aşgabatdan Moskwa gatnawlar, öňküsi ýaly, hepdede iki gezek ýerine ýetiriler.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.