«Türkmenistan» awiakompaniýasy Aşgabatdan Dubaýa uçuşlarynyň tertibini üýtgetdi

26.02.2023, 12:1538,697

«Türkmenistan» awiakompaniýasy Aşgabat — Dubaý ugry boýunça gatnawlaryny täze tertipde ýerine ýetirerler.

2023-nji ýylyň 31-nji martyndan awiakompaniýanyň uçarlary Aşgabatdan (ASB) Dubaýa (DXB) uçuşlaryny anna güni 17:00-da, duşenbe güni 12:00-da ýerine ýetirer.
Bu ugur boýunça ýakyn alty aý üçin biletler «Türkmenhowaýollarynyň» resmi saýtynda peýda boldy.
Mart aýynyň ahyryna çenli «Türkmenhowaýollary» Aşgabatdan DUbaýa hepdede iki gezek — duşenbe (uçuş 19:10) we çarşenbe günleri (uçuş 07:55) gatnaw eder.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.