Xiaomi global MIUI 14-iň görkeziliş tertibini yglan etdi

01.03.2023, 10:107,276

Xiaomi MIUI 14-iň global wersiýasynyň görkeziljek senesini, şeýle hem ilkinji nobatda täzelenmeleri aljak gurluşlaryň sanawyny yglan etdi.

Mart aýynyň ahyryna çenli 14 sany Xiaomi smartfon modeliniň eýeleri täzelenmä bil baglap bilerler:

  • Xiaomi 12
  • Xiaomi 12 Pro
  • Xiaomi 12 Lite
  • Xiaomi 12X
  • Xiaomi 12T
  • Xiaomi 12T Pro
  • Xiaomi Mi 11
  • Xiaomi Mi 11 Lite
  • Xiaomi Mi 11 Lite 5G
  • Xiaomi Mi 11 Lite 5G NE
  • Xiaomi Mi 11 Ultra
  • Xiaomi Mi 11i
  • Xiaomi 11T
  • Xiaomi 11T Pro

Redmi brendiniň dört modeli:

  • Redmi Note 11 Pro + 5G
  • Redmi Note 10
  • Redmi Note 10 Pro
  • Redmi 10 5G

Xiaomi beýleki aktual gurluşlaryň hem geljekde MIUI 14 aljakdygyny wada berdi.
MIUI 14 2022-nji ýylyň dekabrynda hödürlendi. Işläp düzüjiler operasiýa ulgamyny aňsatlaşdyrmaga we çaltlaşdyrmaga ünsi jemlediler, şeýle hem sanly haýwan, bulutda suratlary we wideolary saklamak üçin maşgala albomlaryny we daşky görnüşi sazlamak üçin täze mümkinçilikleri goşdular.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.