Türkmenabat şäherinde 85 sany täze taksi awtoulaglary hereket edip başlady

02.03.2023, 13:3435,595

Türkmenabat şäheriniň «Lebapawtoulag» önümçiligiň birleşiginiň ygtyýaryna 85 sany täze taksi awtoulaglary gelip gowuşdy. Şolardan 45-si Toyota Corolla, galan 40-sy Hyundai Elantra awtoulaglarydyr. Bu barada «Нейтральный Туркменистан» gazeti habar berýär.

Birleşigiň taksi parkynyň giňeldilmegi ýolagçylara edilýän hyzmatyň hilini ýokarlandyrmaga we möçberini artdyrmaga ýardam eder.
Awtoulaglar «Lebapawtoulag» birleşiginiň ygtyýaryna dabaraly ýagdaýda berildi we şol günden hem halka hyzmat edip başladylar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.