20-22-nji martda Türkmenistanda syýahatçylygy ösdürmek boýunça halkara maslahaty geçiriler

11.03.2023, 17:1315,578

20-22-nji mart aralygynda ýurdumyzda «Türkmenistanda syýahatçylygy ösdürmegiň esasy ugurlary we mümkinçilikleri» atly halkara maslahaty geçirmek meýilleşdirilýär. Maslahatyň guramaçylyk meseleleri barada anna güni wise-premýer M.Mämmedowa döwlet Baştutanyna hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, foruma Syýahatçylyk şäherleriniň Bütindünýä federasiýasynyň, Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilen şäherleriň guramasynyň, şeýle hem Özbegistanyň, Gyrgyzystanyň, Hytaýyň, Belarusuň, Horwatiýanyň, Bolgariýanyň, ABŞ-nyň, Türkiýäniň, Russiýanyň, Eýranyň syýahatçylyk kärhanalarynyň wekilleriniň gatnaşmaklary göz öňünde tutulýar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.