Hindistan 2030-njy ýyldan başlap kosmosa syýahatçylary iberip başlamagy meýilleşdirýär

21.03.2023, 15:0511,354

Hindi kosmos barlaglary guramasy (ISRO) 2030-njy ýyla çenli kosmos giňişligine syýahatçylaryň uçuşlaryny amala aşyrmagy maksat edinýär. Hindi kosmos gullugynyň başlygy Şridhara Paniker Somnatyň žurnalistlere habar bermegine görä, ISRO eýýäm syýahatçylyk modulynyň üstünde işleýär.

"Häzirki wagtda Hindistanyň  howpsuz we köp gezeklik ulanyljak  kosmos syýahatçylygy modulynyň üstünde  işler alnyp barylýar" - diýip, "Hindustan Times" gazeti Somnathyň sözlerini getirýär.

Somnath: "Petekleriň bahasynyň takmynan 60 million rupiýa (takmynan 700 müň dollar) bolmagy ähtimal. Bu sapara gitjek adamlar özlerini astronawt diýip hem atlandyryp bilerler" - diýip sözüniň üstüni ýetirdi. Onuň pikiriçe, bular "bäsleşige ukyply bahalarydyr".

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.