Arkadag şäheriniň energetika, gurluşyk edaralaryna ýolbaşçylar bellendi

25.03.2023, 22:5618,374

Arkadag şäherinde energetika, gurluşyk boýunça degişli edaralarynyň ýolbaşçylary bellendi. Bu barada wise-premýer B.Annamämmedow 25-nji martda Arkadag şäheriniň guramaçylyk meseleleri boýunça geçirilen mejlisde habar berdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

  • "Türkmenenergo" döwlet elektroenergetika korporasiýasynyň Arkadag şäher önümçilik birleşiginiň baş direktory wezipesine Hemra Gurbannazarow;
  • "Türkmenenergo" döwlet elektroenergetika korporasiýasynyň "Döwletenergogözegçilik" kärhanasynyň Arkadag şäher müdirliginiň  başlygy wezipesine Azymmuhammet Baýrammuhammedowiç Magtymow bellenildi.
Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.