Mark Sukerberg üçünji gezek kaka boldy

26.03.2023, 11:2227,594

Amerikaly telekeçi Mark Sukerberg bilen aýaly Prissilla Çanyň üçünji çagasy dünýä indi. Dünýä gelen gyzjagaza Aureliýa diýip at goýdular. Bu barada işewür öz Instagram profilinde habar berdi. Muny rbclife.ru ýetirýär.

"Bu dünýä hoş geldiň, Aureliýa Çan Sukerberg! Sen şeýle kiçijik bagt" - diýip, milliarder ýazdy.

Mark Sukerberg bilen Prissilla Çan on ýyl gatnaşykdan soň 2012-nji ýylda toý tutdy. Olar Kaliforniýadaky öýlerinde sadaja toý guradylar. Dabara bary-ýogy 100 töweregi adam gatnaşdy, olar hatda toýa çagyrylýandyklaryny hem bilmändiler: ýaşlar bu dabara barada myhmanlara öňünden habar bermediler.
Mark bilen Prissillanyň öňem iki gyzjagazy bar: bäş ýaşly Awgust we alty ýaşly Maksima. Olaryň üçünji çaga garaşýandyklary 2022-nji ýylyň sentýabrynda belli boldy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.