Türkmenistanly syýahatçylar Özbegistana iň köp syýahat edenleriň arasynda ilkinji onulga girdi

30.03.2023, 14:5234,802

2023-nji ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda syýahatçy hökmünde Özbegistana 4,8 müň türkmenistanly baryp görüpdir. Şeýlelik bilen, Türkmenistan raýatlary Özbegistana baryp gören ýurtlaryň ilkinji onlugyna girdi diýip, UzDaily.uz habar berýär.

Umumylykda, iki aýda Özbegistana syýahat maksatly 871 müň daşary ýurtly baryp görüpdir. Özbegistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Statistika agentliginiň maglumatlaryna görä, bu geçen ýylky görkeziji bilen deňeşdirilende 2,7 esse artykdyr.
Özbegistana iň köp syýahat edenleriň arasynda Täjigistanyň raýatlary birinji ýerde — 289,2 müň adam. Birinji üçlüge şeýle hem Gazagystan (241,4 müň) we Gyrgyzystan (211,2 müň) girýär.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.