Mejlis Alihan Smailowy Gazagystanyň premýer-ministri bellemek kararyny makullady

31.03.2023, 11:147,552

Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew Majilisiň (Gazagystanyň Mejlisi) ýygnagynda eden çykyşynda respublikanyň  premýer-ministri wezipesine  Alihan Smailowy teklip etdi. Deputatlar bu teklibi goldadylar we Prezident degişli karara gol çekdi.

“Meniň pikirimçe, Alihan Smailow hökümetiň öňünde goýlan wezipeleri oňat bilýär, şonuň üçin hem oňa premýer-ministr wezipesini ynanyp bolar” –  diýip,  Prezident dalaşgäri hödürlände aýtdy.

Interfaks agentliginiň habar bermegine görä, ses bermäge  gatnaşan 97 deputatdan 82-si bu teklibi goldady, 7-si garşy boldy, 8-si saklandy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.