Hindistana wizany onlaýn almak üçin web-saýt döredildi

01.04.2023, 10:488,443

Täze India-Visa-Online web-saýty döredildi. Onuň üsti bilen Hindistana baryp görmek isleýänler wiza almak üçin arza berip bilerler. Bu hyzmat Türkmenistanyň ilatyna hem elýeterlidir.

Onlaýn serwisde arza berlenden soň, beren arzaň statusyny yzarlap bolýar. Hyzmaty işläp taýýarlaýjylaryň bellemegine görä, hindi wizasyny almagyň tertibi maksimal derejede ýeňilleşdirildi we ol ulanyjylara elýeterli edildi.
Sorag ýüze çykan ýagdaýynda ýörite bölümde müşderiler üçin goldaw merkezine ýüz tutup, tiz wagtda jikme-jik jogap alyp bolar.
Indiavisa-Online serwisinde syýahatçylyk wizasyndan başga-da, lukmançylyk wizasyny hem alyp bolýar. Bu hili wiza daşary ýurt raýatlaryna Hindistanyň lukmançylyk merkezlerinde bejergi almagyna mümkinçilik berýär. Ol 60 günläp hereket edýär we bir ýyla çenli uzaldylyp bilner.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.