Tokaýew Gazagystanyň täze daşary işler ministrini belledi

03.04.2023, 17:278,907

Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew premýer-ministriň orunbasary — Daşary işler ministri wezipesine Murat Nurtleu belledi, diýip, döwlet Baştutanynyň habarlar gullugy belleýär.

“Nurtleu Murat Abugaliýewiçi Gazagystan Respublikasynyň premýer-ministriniň orunbasary — Daşary işler ministri wezipesine belläp, ony Gazagystan Respublikasynyň Prezidentiniň administrasiýasynyň başlygy wezipesinden boşatmaly” —diýip, kararda bellenilýär.

Nurtleu 2022-nji ýylyň 1-nji fewralyndan Prezidentiň administrasiýasyna ýolbaşçylyk edýär. Oňa çenli premýer-ministriň orunbasary — DIM-niň ýolbaşçysy wezipesini Muhtar Tleuberdi eýeleýärdi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.