Snapdragon 732G-niň binýadynda işleýän täze Redmi Note 12 Pro tanyşdyryldy

05.04.2023, 07:0218,272
1 / 2

Redmi Indoneziýada ýene bir Note 12 Pro-ny , ýöne indi diňe 4G-li görnüşini hödürledi. Enjam o diýen täze bolmadyk Snapdragon 732G  çipiniň binýadynda işleýär. Bu Redmi Note 10 Pro 2021 goýberilişinde ulanylypdy.


Sygymy 5000mAs bolan batareýa 67 Wt güýçlendiriji bilen bile gelýär.  AMOLED ekran  120Hz täzelenme tizlikli. Diagonaly 6.67 dýuým, durulygy - Full HD+. Beýleki aýratynlyklaryna 108MP-lik esasy kamera (4K wideo ýazga etmäge ukyply), Dolby Vision Atmos-li stereodinamika we simli nauşnikler üçin 3,5 mm-lik kese kesik girýär.
Bahasy barada maglumat ýok. Täze model maý aýynda satuwa çykarylar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.