Bred Pitt «Formula-1» ulagynda başlangyç aýlawy geçer

25.04.2023, 14:5113,852

Amerikaly aktýor Bred Pitt “Formula-1-iň” Beýik Britaniýanyň Gran-prisi tapgyryndan öň Silwerstounda başlangyç aýlawy geçmäge ýörite ygtyýarnama aldy diýip, «The Sun» habar berýär. Muny rsport.ria.ru ýetirýär.

Sürüş kadrlary sportdan gideninden soň ýaş sürüjiniň halypasy bolan «Formula-1-iň» öňki ýaryşa gatnaşyjysy baradaky filmde ulanylar. Film «patyşalyk ýaryşlarynyň» ýedi gezek çempiony Lýuis Hemiltonyň täze prodýuserlik kompaniýasy Dawn Apollo Films tarapyndan surata düşürilýär.

“Bred Pittiň Beýik Britaniýanyň Gran-prisi wagtynda pelotonyň nähili öňüni çekýändigine tomaşa etmek şu ýylyň iýul aýynda Silwerstounda teletomaşaçylar we janköýerler üçin täsin we ajaýyp pursat bolar” – diýip, çeşme belleýär.

Beýik Britaniýanyň Gran-prisi 7 – 9-njy iýulda Silwerstoundaky awtodromda geçiriler.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.